Terbiýeçilik ähmiýetli eserler

20 Ýanwar 2021
1725

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri her bir işde bolşy ýaly, dil baýlygymyzy, milli mirasymyzy ösdürmekde hem ählimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biziň esasy gollanmamyza öwrüldi. Çagalar bagynda körpeler bilen geçýän sapaklarymyzy, terbiýeçilik ähmiýetli çärelerimizi milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň çuňňur many-mazmunyndan ugur alyp geçýäris.

Ata Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan körpe nesli döwrebap, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplaryny aýratyn bellemek gerek. Bu kitaplardaky paýhasly jümleleri, nakyllardyr atalar sözlerini çagalara giňişleýin düşündirmek bilen, olaryň ýagşy dost tutunmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, milli medeniýetimize sarpa goýmaklaryny, gaýduwsyz, belent adamkärçilikli bolmaklaryny ündeýäris. Biz şol eserler boýunça geçirýän bäsleşiklerimizde sahna oýunlaryny guraýarys. Çagalar milli Liderimiziň ajaýyp eserlerindäki jümleleri ýatdan aýdýarlar. Geçirýän baýramçylyk çärelerimize biz çagalaryň ene-atalaryny hem çagyrýarys. Olar öz çagalaryna berilýän döwrebap terbiýeden hoşal bolýarlar. Sebäbi her bir ata-ene perzendiniň ylymly-bilimli, zehinli, halkymyza gerekli ynsan bolup ýetişmegini arzuw edýär. Hut şonuň üçin biz ýaş nesli zamanabap terbiýelemekde mundan beýläk hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä derejesinde arşa galdyrmak ugrunda alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulbaýram NAROWA,
Halaç etrabyndaky 2-nji «Älemgoşar» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.