Dil bilen dünýäni gezer

19 Ýanwar 2021
1911

(Hekaýa)

Wepa bilen Seýran jana-jan dostdular. Olaryň ikisi bir mekdepde, bir synpda okaýardylar. Her gün mekdebe bile gidip-gelýärdiler. Emma sapaklara ýetişikleri deň däldi. Wepa ökdedi, ähli sapaklardan oňat bahalar alýardy. Mydama öz öwrenenlerini deň-duşlary bilen paýlaşmaga, olara kömek etmäge höwesekdi. Esasan hem, türkmen dili, rus dili we iňlis dili sapaklaryny gowy görýärdi. Aýratynam, iňlis dilini çuňňur öwrenýärdi, onuň kadalaryny, sözlerini her gün özbaşdak okaýardy. Seýrana hem olary öwretmäge çalyşýardy. Ýöne Seýran Wepa ýaly okuwa höwesek däldi. Wagtyny kitap okap geçireninden, daşarda dostlary bilen oýnap geçirenini gowy görýärdi. Mugallymlaryň okamagyň, bilim almagyň möhümdigi baradaky maslahatlaryna kän bir gulak gabartmaýardy.

Selbi SOLTANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.