Sungatda taplanýan zehin

18 Ýanwar 2021
2244

Mähriban çagalar, siz «Nejep oglan» dessany barada nämeler bilýärsiňiz? Belki, ony okansyňyz, ol boýunça sahnalaşdyrylan oýna tomaşa edensiňiz. Dessanyň wakalary göz öňüňize gelýändir. Oýnuň gahrymanlary ýadyňyza düşdümi? Mümkin, dessan barada ýene-de bilmek isleýänsiňiz.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Nejep oglan» çeper filmi surata düşürildi. Dessan boýunça filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýew, operatory Nurmuhammet Borjakow, suratkeşi Baýram Patyşagulyýew, kompozitory Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamow hem-de filmiň gurnaýjysy Allamyrat Kerimow. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu filmi teleýaýlym arkaly köpiňiz görensiňiz. Filmde Nejebiň keşbinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestriniň artisti, solisti Söhbet Annamyradow, Nejebiň çagalyk keşbinde deň-duşuňyz Mekan Amanow surata düşdi. Kino sungatymyzyň täze zehinleriniň ýüze çykmagy, olaryň başlangyç ädimlerde şowly çykyşlary bilen tanalmaklary, milli sungatymyzyň ösmegi, bu ugurdan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir. Ýaşajyk kino artistimiz bilen ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.

«Güneş».