Täze ýeňişlere täze gadamlar

13 Ýanwar 2021
1877

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan türkmen halkymyz uly şatlyk, dabara bilen ýene bir ajaýyp ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Mähriban türkmen halkymyz bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly buýsanç we söýgi bilen täze-täze zähmet ýeňişlerine beslär.

Biz geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda örän guwandyryjy taryhy wakalaryň, ösüşleriň şaýady bolduk. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýladyk. Ýurdumyzda halkara derejesinde birnäçe maslahatlar geçirildi, sergiler guraldy. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky görkezijiler hem guwandyryjy boldy. Ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda hem köp işler edildi. Oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklar uly ösüşlere eýe boldy. Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel Aşgabadymyzda ajaýyp binalar, başy asman bilen sepleşýän gat-gat ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz bu gün dünýä doldy.

Tuwakgül GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.