Ata Watanymyzyň nurana menzilleri

12 Ýanwar 2021
2948

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine saýlanyp, işe girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyz gülläp ösüşiň ýoly bilen rowaçlyklara sary öňe barýar. Ösüşiň täze taryhy döwründe her bir ýylyň onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrylmagynyň bolsa, möhüm ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany diýlip atlandyrylan bolsa, 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugrukdyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat etdi.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor.