Beýik baýramçylygyň şanyna

11 Ýanwar 2021
2467

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mähriban halkymyzyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilip geçiler. Şu mynasybetli eziz Diýarymyzda häzirden giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Beýik baýramçylygyň hormatyna Watanymyzda dünýä ýaň saljak çäreler hem-de dabaralar geçiriler. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Mejlisiň barşynda, hususan-da, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda belleniljek milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

«Aşgabat».