Röwşen geljege sary

11 Ýanwar 2021
2134

Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen mukaddes arzuwlaryň wysal bolýandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz uly joşgun bilen döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly, guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň agzybirlik hem-de parahatçylyk arkaly öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasaty, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesi çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar.

Halkymyz watançylyk we ynsanperwerlik duýgusyna belent sarpa goýýar. Halkyň nesilden-nesle geçirip, baýlaşdyryp, rowaçlandyryp gelen sözleriniň hatarynda parahatçylyk we ynanyşmak sözleriniň mynasyp orny bar. Sebäbi, bu sözlere adamyň bir-birini tanamagynyň, hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň, düşünişmeginiň açary hökmünde garamak bolar.