Beden maşklarynyň peýdasy

19 Dekabr 2024
117

Saglyk ynsan başynyň täjidir. Ir säherde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, gimnastika bilen meşgullanmak, hereketli oýunlar bilen gezelenç etmek  saglygymyzy gorap saklamagyň özümize bagly taraplarydyr. Gahryman Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly gymmatly kitabynda: «Gadymy ertekilerden, halk rowaýatlaryndan, Görogly ýaly batyrlardan nusga alan nesiller beden maşklaryna höwesli ýapyşýar. Pälwanlaryň adynyň halk içinde guwançly tutulmagy ýaşlaryň aň-düşünjesine hem öz täsirini ýetirýär. Säher bilen örmegiň gündelik işiň şowlulygyna täsir edýändigine bolan ynamyň terbiýelenmegi hem sporta bolan söýgini ösdürýär» diýip ýazýar.

Lukmanlar beden maşklaryny günde yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Ir säher bilen maşk etmek, diňe bir fiziki däl-de, akyl işjeňligini artdyrmagyň hem ajaýyp usulydyr. Irdenki beden maşklarynyň ynsan saglygyna edýän birnäçe peýdasy bardyr:

Gülşirin ŞUKUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.