Möhüm maksatnamanyň çäklerinde

13 Dekabr 2024
175

Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň bu ugruň eýe bolýan ajaýyp sepgitleriniň gözbaşydygyny bellemek gerek. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň», şeýle-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerindäki sazlaşykly işler ulgamyň okgunly ösüşlerini şertlendirdi. Çünki bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini kesgitledi.

Bu maksatnama Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň sport ulgamyna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän resminama sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde hem möhüm mazmuna eýe bolan çäreleri özünde jemleýär.

Serdar AMANNAZAROW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.