Sport — hemmeler üçin!

13 Dekabr 2024
149

Sporty hem sagdyn durmuş ýörelgesini saýlaýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artmagy Watanymyzda durmuşa geçirilýän döwletli syýasatyň miwesidir. Şunda islendik ugur boýunça bilim alýan ýaşlaryň hem sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu hakykaty tassyklamak üçin biziň bilim ojagymyzda — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýan ýaşlaryň durmuşyndan mysal almak ýeterlikdir. Häzir mekdebimizde 13 bölüm hereket edip, talyp ýaşlarymyz aýdym-sazdan daşary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hem wagt tapýarlar. Olar Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, welosiped sporty, milli göreş, tanap çekmek ýaly bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Biziň ýaşlarymyz beýleki bäsleşiklerde hem ýeňiş ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň hem-de zyýanly endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly serişdesi bolan bedenterbiýe we sport beden taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň kemala gelmeginiň hem möhüm şertidir. Biz hem şol asylly ýörelgeden ugur alyp, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň birnäçe görnüşinden mekdebimizde meýilnamalaýyn bäsleşikleri guraýarys. Bu bolsa ýaşlaryň ykjam türgenleşip, has-da kämilleşmegi üçin ähmiýetli esasdyr.

Hemra ORAZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.