Adam. Jemgyýet. Kanun.

6 Ýanwar 2021
1382

Şanly ýylyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda belent sepgitlere beslenip, taryhy wakalar bilen şöhratlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly tamamlandy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işler rowaç aldy. Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dünýä doldy.