Täze ýyl arzuwlary

5 Ýanwar 2021
1689

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik baýramçylyklaryň biri. Sebäbi, Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, adamlary uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Täze ýyl ajaýyp baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde baýram edilýär. Bu baýramçylyk maşgala baýramy hökmünde hem giňden bellenilip geçilýär.

Öz senenamalarynda milli däplere ýykgyn edýän halklaryň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.