Ýeňijilere üstünlik arzuw edýäris

5 Ýanwar 2021
1416

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilik bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar halkymyzyň, ene topragymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän ýazyjy-şahyrlaryň erkin döretmegi üçin ähli mümkinçilikler bar.

Döredijilik dünýäsinde gulaçlap ýüzýän galamdaşlarymyz bu günki günde joşgunly zähmet çekýärler. Biziň «Maru — şahu jahan» welaýat gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan ildeşlerimiziň döredijiliginde ukyp-başarnyk bar. Makaladyr hekaýalary, goşgulary bilen gazetimizde yzygiderli çykyş edýän döredijilik adamlary üçin ýörite bäsleşikler guralýar.