Korrupsiýa garşy göreşiň hukuk esasy

4 Ýanwar 2021
1517

Esasy Kanunymyza laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr. Hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyzyň bu kadasyndan ugur alyp, döwletimizde kanunlara, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy, olaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilmegini, hukuk tertibiniň üpjün, tertip-düzgüniň berjaý edilmegini hemişe talap edýär.

Korrupsiýanyň esasy manysy barada aýdylanda, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklary, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy, şonuň ýaly-da, görkezilen adamlara şeýle peýdamy beýleki fiziki şahslaryň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi bolup durýar.

Orazgylyç BERDIGYLYJOW,
welaýat harby prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.