Türkmen wekiliýeti Dohadaky sergä gatnaşdy

27 Noýabr 2024
224

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Çagalar — biziň iň uly baýlygymyz» şygary astynda geçirilen «Kids Expo 2024» halkara sergisine gatnaşdy. Bu serginiň dürli öwüşginli ekspozisiýalary dünýä ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi.

Täsin we özüne çekiji bölümlerden ybarat bolan sergide çagalaryň doglan wagtyndan, tä olar 13 ýaşaýança gerek bolan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky önümlerdir hyzmatlaryň iň täze gazananlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bilim tehnologiýalary, logopedik we saglyk hyzmatlary bilen bagly diwarlyklar gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary «A+Programm» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdylar. Bu maksatnamanyň döwrebap bilim ulgamynyň iň täze gazananlarynyň biridigini aýratyn nygtamak gerek. Wirtual hakykat, emeli aň we uzak aralykdan okuw usullary maksatnamanyň esasy aýratynlygy hökmünde orta çykýar.

Baýramgül AKGAÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.