Hoş geldiň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!

2 Ýanwar 2021
1782

Ýurdumyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramçylygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşylamak bilen bagly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bagtyýar ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny aýratyn ruhy göteriliş bilen garşylady. Baýramçylyk agşamy guralan teleköpri arkaly göni ýaýlymda Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de külli türkmen halkyna ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdyldy.

AHALDA