Yz­ly-yzy­na 4-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2-nji tür­gen

18 Oktýabr 2024
280

«Mo­nu­ments» ady bi­len dün­ýä bel­li bo­lan we­los­port bo­ýun­ça bir gün­lük ýol ýa­ry­şy­nyň soň­ky, 5-nji bäs­le­şi­gin­de – «Gi­ro di Lom­bar­dia»-da (Ita­li­ýa) slo­we­ni­ýa­ly Ta­deý Po­ga­çar ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 255 ki­lo­metr­lik ýa­ry­şy 6 sa­gat 4 mi­nut 58 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. 118-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň soň­ky 48 ki­lo­met­rin­de öňe saý­la­nan «UAE Te­am Emi­ra­tes» to­pa­ry­nyň tür­ge­ni bas­syr 4-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, Po­ga­çar 75 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­läp, ita­li­ýa­ly Fa­us­to Kop­pi­den soň «Gi­ro di Lom­bar­dia»-da yz­ly-yzy­na 4 çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2-nji tür­gen bol­dy. 26 ýa­şyn­da­ky Po­ga­çar bu bäs­le­şik­de Fa­us­to Kop­piden (1946-47-48-49, 1954) hem-de Alf­re­do Bin­da­dan (1925-26-27, 1931) soň 4 çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji we­los­port­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Ýa­ryş­da Po­ga­çar­dan 3 mi­nut 16 se­kunt yza ga­lan bel­gi­ýa­ly Rem­ko Ewe­ne­po­el («Sou­dal–Quick-Step») 2-nji, 4 mi­nut 31 se­kunt­ soň pel­le­ha­na ge­len Ju­lio Çiç­ço­ne («Lidl-Trek») 3-nji or­ny eýe­le­di.