Niderlandlaryň meşhur futbolçysy ara­dan çyk­dy

11 Oktýabr 2024
366

Dün­ýä fut­bo­ly­nyň meş­hur ýyl­dyz­la­ryn­dan, 1970-nji ýyl­la­ryň «Aýak­syn­da» hem-de Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­syn­da ýat­dan çyk­ma­jak yz gal­dy­ran Ýo­han Ne­es­kens 73 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 1951-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da Ni­der­land­la­ryň Hems­te­de şä­he­rin­de dün­ýä inen Ne­es­kens 1968-nji ýyl­da şol şä­he­riň RKH to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­la­ýar. 1970–1974-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da «Aýaks­da» oý­na­ýar. Ams­ter­dam­ly­la­ryň dü­zü­min­de 3 ge­zek Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň çem­pio­ny bol­ýar. 1974-nji ýyl­da «Bar­se­lo­na» trans­fer bo­lup, ol bu ýer­de 5 möw­süm oý­na­ýar. Ýa­kyn dos­ty Ýo­han Kroýff­dan 1 ýyldan soň ka­ta­lon­la­ryň dü­zü­mi­ne go­şu­lan Ne­es­kens bu to­par­da Ýew­ro­pa­da Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy­ny ga­zan­ýar. 6 möw­süm ABŞ-nyň «Nýu Ýork Kos­mos» to­pa­ryn­da oý­na­nyn­dan soň, ýur­du­nyň «Gro­nin­gen» hem-de Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Ba­ar» we «Zug» to­par­la­ryn­da çy­kyş edip, 1991-nji ýyl­da 23 ýyl­lyk kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar. Ol klub­lar­da 450 oýun­da 92 gol ge­çir­ýär.

Ikin­ji Ýo­han la­kam­ly (bi­rin­ji­si Ýo­han Kroýff) ýa­rym­go­rag­çy Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­syn­da 2 ge­zek – 1974-nji we 1978-nji ýyl­lar­da Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na çyk­ýar. 1976-njy ýyl­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da 3-nji or­ny eýe­län ýy­gyn­dy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry­nyň bi­ri bol­ýar. Äh­li dö­wür­le­riň iň ök­de ýa­rym­go­rag­çy­la­ry­nyň sa­na­wyn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän Ne­es­ken­siň tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­sy o di­ýen şow­ly bol­man, ol en­çe­me ýyl­lap, Gu­us Hid­din­kiň, şol san­da Frank Riý­ka­ar­dyň kö­mek­çi­si bo­lup iş­läpdi.