Awa­za ha­kyn­da­ky şy­gyr­la­ryň maz­mun taý­dan çe­per­çi­li­gi

28 Sentýabr 2024
414

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da dö­re­di­len eser­ler di­ňe bir tä­ze te­ma­lar bi­len baý­laş­man, eý­sem, şy­gyr­la­r maz­mun taý­dan hem baý­laş­dy, for­ma taý­dan tä­ze gör­nü­şe eýe bol­dy. Ede­bi­ýa­tyň ta­ry­hyn­da maz­mun we for­ma­nyň haý­sy­nyň has mö­hüm­li­gi ha­kyn­da köp je­del­ler, ede­bi çe­kiş­me­ler bol­dy. Bu­la­ryň her­si­niň öz ge­ze­gin­de ede­bi ösüş, ede­bi tä­ze­lik­ler üçin mö­hüm­di­gi yl­my we ede­bi çe­kiş­mä­niň na­za­ry ga­ra­ýyş­la­ryn­da anyk de­lil­ler bi­len esas­lan­dy­ryl­dy. Aý­ry-aý­ry ede­bi­ýat­çy alym­la­ryň pi­ki­ri­çe bol­sa maz­mun we for­ma bi­ri-bi­rin­den aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýa­zy­jy-şa­hyr­lar hem Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň şy­gyr­la­ryn­da tä­ze maz­mun we for­ma eýe bo­lan şy­gyr­la­ry dö­ret­di­ler. Ak goş­gy for­ma­syn­da ýa­zy­lan eser­le­riň, şeý­le-de nus­ga­wy şy­gyr dü­züş for­ma­syn­da ýa­zy­lan eser­leriň hem tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ma­gy hä­zir­ki Garaşsyzlyk döw­rün­de şa­hyr­la­ryň ösüş­li we aý­ra­tyn­lyk­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Ga­ra­ja Ha­jy­ber­di­ýew,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň mugallymy.