Dabara geçirildi

9 sagat öň
15

Golaýda maýor Şöhrat Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gorag polklarynyň döredilen güni mynasybetli dabara geçirildi. Ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy we Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga berlen dabara şahsy düzümiň nyzamly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra baýramçylyk mynasybetli harby gullukda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň çäginde guralan sergi has-da täsirli boldy. Köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri we gyzgalaňly sport ýaryşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Harby bölümiň orkestriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, ata Watanyň mukaddesligi, harby gullukçylaryň mertligi we edermenligi wasp edildi.

Ýörite habarçymyz.