Dumly-duşdan dürli-dümen

1 gün öň
8

Köpürjik şekilli buzlar

Ajaýyp tebigy keşbi bilen tapawutlanýan Baýkal köli täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Onda emele gelýän köpürjik buzlary kölüň ajaýyp aýratynlyklarynyň biridir. Her ýylyň has sowuk döwürlerinde kölüň dury suwunda dürli diametrde köpürjik görnüşli ak buzlar emele gelýär. Olar metan köpürjikleridir. Kölüň saý suwlarynda ösýän suwotular metan gazyny çykarýarlar. Olar howanyň sowuk wagtlarynda ýokarda doňýarlar we biri-biriniň yzyndan zynjyr ýaly düzülip, buz bölejiklerini emele getirýärler we aşakdan ýokary 1,5 metre çenli uzalyp gidýärler. Şunuň ýaly ýagdaýlara noýabr, dekabr aýlarynda syn etmek bolýar. Şonda kölüň ýüzüne ak sapakdan tegelek nagyş çekilen ýaly bolýar. Olar her ýyl kölde emele gelýän ýerlerini üýtgedip durýarlar.