Änew — şöhratly geçmişiň şaýady

2 gün öň
34

Adamzadyň medeni mirasyny gorap saklamaga, maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine içgin düşünmäge ýardam edýän taryh ylmy halkyň geçmişiniň aýnasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmäge, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýän gymmatly çeşmelerdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzadyň medeni aňynyň, döredijilik başlangyçlarynyň siwilizasiýany kemala getirýändigi hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu taryhy ähmiýetli kitap ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojagy bolan Änewiň müňýyllyklara uzaýan taryhyna ýüzlenýär. Bu ugurda dünýä belli alymlar Rafael Pampelliniň, Lazar Rempeliň, Mihail Massonyň, Galina Pugaçenkowanyň işleri, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneolit zamanyndan irki demir asyryna çenli Änew topragynda dörän we dowam eden medeniýetleri ylmy nukdaýnazardan seljerýär. Änew topragynyň taryhy-medeni ösüşini we wakalaryny yzygiderliligi boýunça şu güne çenli getirip, aýdyň geljek bilen hem baglanyşdyrýar.

Gözel KADYRBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.