Merdana ogullaryň mertlik mekdebi

13 Sentýabr 2024
34

Harby lybas meniň çagalyk arzuwlarymyň iň seresini ýadyma salýar. Hawa, edil düýn ýalydy, «Geljekde kim bolmak isleýärsiň?» diýlen sowala birmeňzeş «Harby gullukçy!» diýip jogap berşim... «Men ilki harby mekdebi okap, soňra Watan öňündäki gulluk borjumy mynasyp ýerine ýetirerin. Soňra bolsa ýörite tälim alyp, zerre gumy zerden zyýat gül Diýarymyň janpenasy — harby gullukçy bolaryn. Ýurdumyzyň her daban ýerini jandan ileri tutup, gözümiň göreji deý goraryn...» diýe-diýe çagalygymyň nädip geçeninem duýmandyryn. Ýöne her gezek harby lybasa gözüm düşende, ýyllaryň aňyrsynda uka giden çagalyk arzuwlarym ýaňadan jana gelýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumyny görüb-ä harby lybasly oglanlara hasam gözüm gitdi... Bu harby mekdepde tälim aljak harby okuwçylar, gör, nähili bagtly! Çünki bu bilim ojagyna hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy düşdi. Bu taryhy wakanyň tarypyny ýetirmek bagty nesibämde bar ekeni. Geliň, onda gysgaça harby mekdebiň mümkinçilikleri bilen tanşalyň!

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ak mermerden, hoşsurat keşbi döreden düzgünli bu binalar toplumy — geljekki Watan goragçylarynyň täze mesgeni. Bärden baranyňda kaşaň binalar harby tälim-terbiýäniň mekanydygyny açyk aýan edýär. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän toplumyň içki bezeglerinden başlap, ähli tehniki we okuw esbaplaryna çenli täzeçillik hem-de döwrebaplyk göz öňünde tutulan. Ençeme binalary özünde jemleýän Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýi bolup, ol birnäçe bölümden ybaratdyr. Taktiki söweşe taýýarlamak üçin niýetlenen okuw otagyna ornaşdyrylan döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi howa, şol sanda meýdan şertlerinde taktiki we söweş hereketlerini amala aşyrmaga şert döredýär. Şeýle hem sport toplumyny, naharhanany, awtoduralgany we beýleki tehniki desgalary öz içine alýan bu harby mekdebiň agşamky görnüşi aýratyn bir gözellik. Döredilen bu şertler okuwçylara harby terbiýäniň has-da ýokary derejede berilmegine ýardam eder. Harby mekdebiň sanly ulgamyň häzirki zaman mümkinçiliklerine esaslanýan Okuw we dolandyryş binasynda ýerleşýän elektron kitaphanasy bolsa okyjylara kitaplary çalt tapmaga we gerekli maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Harby bilimleri we tälimleri özleşdirmekden daşary, bu ýerde okajak harby okuwçylar üçin ýörite gurnak otaglarynyň bolmagy täze bilim ojagynyň ýene-de bir aýratynlygydyr. Umuman, bu harby okuw mekdebi ýaş watançylaryň geljekde hakyky watansöýüji gerçekler bolup ýetişmekleri üçin aňrybaş mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,
«Güneş».