Sport arkaly dostluk köprülerini berkidip

12 Sentýabr 2024
12

Şu günler Gazagystan Respublikasynda «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary astynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary dowam edýär. 8-nji sentýabrda onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda boldy.

8-nji sentýabrda «Akorda» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we ony has-da ösdürmäge çalşylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.