Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry

12 Sentýabr 2024
35

11-nji sentýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has uly belentlikleri nazarlap, ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň waspyny ýetirýän goşgulary okadylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmeginiň nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Bekgylyç AGAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.