Halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýji

12 Sentýabr 2024
35

Şu günler ähli etrapdyr şäherlerinmizde öňümizdäki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar guralýar. Şeýle maslahatlaryň birini jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginde hem geçirdik.

Maslahatda edilen çykyşlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Çykyş eden ildeşlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini gazanmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda sazlaşykly ösüşi dowam etdirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. 

Şöhrat  JUMAÝEW,
Çärjew etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.