Hoşallyk maslahaty

12 Sentýabr 2024
50

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teleköpri arkaly ak pata bermegi, şeýle-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi mynasybetli welaýatymyzda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasynyň we “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.