Ak arzuwlaryň mekany

11 Sentýabr 2024
31

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebini üstünlikli tamamladym. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik ugry (türkmen dili we edebiýaty dersi) boýunça 3-nji orna mynasyp boldum. Ýaşlykdan mugallym bolmak höwesi meni Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine alyp geldi. Şu mekdebiň talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok.

Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Şeker ÖWEZMYRADOWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.