Nesilleriň merdanalyk mekdebi

5 Sentýabr 2024
475

«Bu Watan şeýlebir mukaddes Watan»... Golaýda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşynda teatr ussatlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda ýaňlanan bu ganatly sözler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iki ýyl mundan ozal düýbi tutulan döwrebap toplum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy bilen açylyp ulanmaga berildi.

Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilen täze toplum paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ol okuw we dolandyryş, okuw, naharhana, ýatakhana, lukmançylyk, goşmaça okuw, sport binalaryny, awtoduralgany hem-de beýleki tehniki desgalary özünde birleşdirýär. Bu ýerde Watany goramagy ykbalyna öwürmegi maksat edinen ýaş oglanlar taýýarlanylýar.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».