Ýaşlar — Watanyň ýagty geljegi

3 Sentýabr 2024
57

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde bagtyýar ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky aladalary her ädimde görmek bolýar. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda altyn güýzüň ilkinji gününde bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen täze okuw ýylyna girişdiler. Bilşimiz ýaly, ýaş nesliň kämil bilim almagy bilen birlikde milli ruhda terbiýelenilmegi hem aýratyn üns merkezinde saklanylmaly meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, welaýatymyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda yzygiderli bolup, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Bu ähmiýetli çärelere ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermegiň, jemgyýetimizde giň düşünjeli, sagdyn ruhly we maksada okgunly şahsyýetleriň kemala gelmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekilýär.

Babajan NAZAROW,
welaýat prokuraturasynyň nobatçy bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.