Gurluşyk üçin geçginli önümler

2 Sentýabr 2024
52

Dänew etrabyndaky «Arassa kenar» hususy kärhanasynda gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jeýhun Nowruzowa degişli bolan bu hususy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri gurluşyk işleri üçin gips esasly gury erginiň 700 tonnasy, keramiki plita ýelmeýji gury erginiň bolsa 40 tonna golaýy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.