«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024
Günbe-günden ösýän ata Watanymyzyň nurana ýollarynda ýeňil ulaglaryň sanynyň günsaýyn artmagy türkmen halkynyň iş, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ösýändiginiň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär.