Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

30 Awgust 2024
128

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünliklerini ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň barşynda ýokarda agzalanlar boýunça täsirli çykyşlara giň orun berilýär.

Pederlerimiziň nesilden-nesle geçip gelýän görüm-göreldesi, nesihatlary, şeýle-de ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Bu umumymilli forumyň ýurdumyzda jemgyýetçilik jebisliginiň milli esaslaryny berkitmekde möhüm ähmiýeti bar. Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerimizde hem şular dogrusynda aýratyn bellenip geçilýär hem-de 24-nji sentýabrda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada gürrüň edilýär.

Abadan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri.