Täze mekdep açyldy

30 Awgust 2024
116

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Hojambaz şäherinde 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdebiň gurlup ulanylmaga berilmegi okuwçylar bilen bir hatarda ata-eneleriň, şäheriň ýaşaýjylarynyň kalplaryna egsilmejek şatlyk paýlady.

Bu ajaýyp täze binanyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze mekdep dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň ösen tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde bilim aljak okuwçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Baýrammyrat REÝIMOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy.