Altyn sözler, şirin sazlar — uz aýdymlar

29 Awgust 2024
94

Düýn Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlarymyzdan gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly milli aýdym-saz sungatymyzyň hem-de onda görnükli yz goýan halypalaryň hem ýylydyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň köpüsi bagşylaryň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar. Aýdym-sazly dabara gatnaşan bagşy-sazandalar hem şahyryň sözlerine şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Biziň ilkinji söhbetdeşimiz Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, bagşy Şamyrat Dawudow. Ýeri gelende aýtsak, Şamyrat türkmen bagşyçylyk sungatynyň ýomut-gökleň ýolunyň görnükli ussatlarynyň biri Aşyrmämmet Dawudowyň agtygy. Şamyrat atasynyň bagşyçylyk ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Bu barada onuň özi şeýle gürrüň berdi:

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Alekseý GIMALITDINOW.