Çagalaryň bagtyýarlygy — geljegiň ygtybarlylygy

28 Awgust 2024
494

Ýene-de sanlyja günden tomusky dynç alyş möwsümini tamamlan çagalardyr ýetginjekler 2024 — 2025-nji okuw ýyly üçin ak mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 1-nji awgustdan bäri paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarda mekdep bazarlary raýatlarymyza dürli görnüşli okuw harytlaryny hödürleýär. Şeýle söwda nokatlary 1-nji synpa gadam goýýan körpeler, kiçi we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýär. Harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Ýurdumyzyň çäklerindäki islendik mekdep bazaryna aýlanyp göreniňde täze okuw ýyly üçin döwlete dahylly we hususy pudaga degişli kärhanalarda öndürilen çagalar üçin okuw eşikleriniň, dürli esbaplaryň satuwa çykarylan nusgalary göze gelüwliligi, owadanlygy, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen importyň ornuny tutýan ýerli önümleri köpeltmekde ýerine ýetirilýän işleriň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçylarda uly höwes döredýär. Oglanlar hem bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň — köýneklerdir penjekleriň, aýakgaplaryň içinden göwnüne ýaranyny höwes bilen satyn alýarlar. Bazaryň tekjelerine bezeg berýän, nepis tahýalar ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Mekdep bazarlaryndaky harytlaryň nyrhynyň halk köpçüligi üçin elýeterlidigi ýene bir ýola nygtalmaga mynasypdyr. Çünki bu ýagdaý ýurdumyzda ähli aladanyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini subut edýär.

Ýörite habarçymyz.