Magtymguly Pyragy — dünýä danasy

28 Awgust 2024
86

«Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edildi. Golaýda «Magtymgula tagzym» atly döwürdeş şahyrlarymyzyň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda neşir edilen bu kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary we poemalary girizilipdir. Täze kitapda ýerleşdirilen şygyrlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatsarpa, dana şahyryň edebi mirasy çeper wasp edilýär.

Ogulgeldi ANNAGELDIÝEWA,
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.