Halk paýhasy — hazyna

28 Awgust 2024
97

Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen baglanyşykly dabaralar yzygiderli guralýar. Olarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriljek bu möhüm waka taýýarlyk görlüşi, şunuň bilen bagly öňde durýan wezipeler barada gürrüň edilýär.

Geňeşmek — halkymyzda gadymdan gelýän asylly däpleriň biri. Şeýle bolansoň, ol hakda nakyllardyr atalar sözlerinde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da aýdylypdyr. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimler muňa mysaldyr. Geňeş-maslahat adamlaryň biri-birine hormatyny öňküden-de artdyrypdyr, olary mertebe zynatyna eýe edipdir. Maslahatly iş öz oňyn netijesinem beripdir. Adamlaryň özara maslahaty netijesinde, köp gowy işlere amal edilipdir. Maslahat diýlende, agzybirlik, jebislik göz öňüňe gelýär. Agzybirlikde toý tutmak, bag ekmek ýaly sogap işler hem şuňa mysaldyr. Halkymyzda, toý tutmakdan öňinçä, golaý goňşular, dogan-garyndaşlar bolup, geňeşmek däbi bar. Ol däp häzirem mynasyp dowam etdirilýär.

Gülşirin AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.