Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.