Mekdep bazarlarynyň gyzgalaňy artýar

27 Awgust 2024
92

2024-2025-nji okuw ýylynyň golaýlamagy bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem mekdep bazarlarynyň işi bildirilýän talaplara laýyklykda ýokary derejede ýola goýuldy. Gyzgalaňy barha artýan bu bazarlar mekdep okuwçylarynyň we olaryň ata-eneleriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda sebit boýunça jemi 111 sany dükanda, 79 sany dükanyň öňünde, onlarça göçme söwdanyň guralýan ýerlerinde we köpugurly welaýat bazarynda, Mary, Baýramaly şäherleriniň merkezi bazarlarynda, etraplaryň söwda merkezlerinde mekdep bazarlary işleýär. Olaryň degişli önümlerdir harytlar bilen bolelin üpjün edilendigi alyjylaryň göwnüni göterýär. Söwda tekjelerini bezäp duran okuw esbaplarynyň we harytlarynyň öz ýurdumyzda öndürilýän, ýokary hilli, göze gelüwli önümler bolmagy-da aýratyn bellärliklidir. Okuwçylara niýetlenilen köýnekler, aýakgaplar, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir galamlar elýeterli bahalardan satylýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.