Milli medeniýetimiz dünýä ýaň salýar

26 Awgust 2024
123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar, milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, ýaň salýar. Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň türk dilinde, «TÜRKSOÝ» we «Business Turk» žurnallarynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanlarynyň neşire taýýarlanylmagy aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

«Nesil».