Wagyz-nesihat çäresi

26 Awgust 2024
106

Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir

Ýakynda şeýle at bilen şäherimizdäki 3-nji saglyk öýünde TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň hem-de ýokarda ady agzalan saglyk öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň we şäherimizdäki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.