«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi hem-de Daşoguz şäher Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda «Küştdepdi — köňülleriň joşguny» ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda çykyş edenler YUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda alnyp barylýan işler dogrusynda giňden gürrüň berdiler.