Belent sarpanyň nyşany

24 Awgust 2024
95

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen maslahat «Magtymguly — umumadamzat şahyry» diýlip atlandyryldy. Ony Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar.

Maslahatda şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlaryň, onuň eserlerini ylham çeşmesi hasaplaýan medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda durmuşyň dürli meseleleriniň öz beýanyny tapýandygyny, şonuň üçinem «şygryýetiň sütünine» deňelýän şahyryň keşbiniň teatrda, nakgaşçylyk sungatynda uly orna eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milliligini giňden beýan edýän goşgularyň bagşylaryň dilinde hoş owazly aýdymlar bolup ýaňlanýandygy barada aýdyldy. Söz ussadynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, durmuş pelsepesini kämilleşdirmekdäki orny, onuň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alyp, daşary ýurt alymlary tarapyndan hem öwrenilýändigi barada beýan edilen pikirler özboluşly ähmiýete eýe boldy.

(Ýörite habarçymyz).