Taýýarlygyň gerimi giňeýär

23 Awgust 2024
132

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň subutnamasy bolar. Çünki Halk Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Umuman, bu möhüm ähmiýetli resminama ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün eder.

Altyn JUMAGYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.