Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşyp, dünýämizi özgerdýär. Ýer ýüzüniň islendik künjeginde bolsaň-da, sanly tehnologiýalara duş gelmek bolýar. Bu gün hatda kiçi ýaşly çagalar hem dürli görnüşli sanly enjamlary ýeňillik bilen peýdalanmagy başarýar. Tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, çagalyk döwri düşünjesini hem düýbünden özgerdýär. Häzirki döwürde çagalaryň köpüsiniň günüň köp bölegini maşgala agzalary ýa-da deň-duşlary bilen oýnamaga däl-de, kompýuterdir smartfonlara güýmenmäge sarp etmegi-de tötänden däldir. Innowasion tehnologiýalar, bir tarapdan, durmuşymyzy görnetin ýeňilleşdirýän bolsa, beýleki tarapdan, kiçilikden dürli enjamlary uzak wagtlap peýdalanmak çagalar üçin zyýanly netijelere hem getirip bilýär. Şoňa görä-de, ata-enelere çagalarynyň elektron enjamlardan peýdalanyş tertibini rejelemek maslahat berilýär.
Lukmanlar iki ýaşyny doldurmadyk çagalaryň elektron enjamlardan peýdalanmagyna ýol bermezligi maslahat berýär. Çünki şu döwürde çaganyň beýnisi, nerw ulgamy ejiz bolup, elektron enjamlardaky wideolara tomaşa etmek ýa-da oýunlary oýnamak onuň geplemegi öwrenmegine we ruhy durnuklylygyna täsirini ýetirip bilýär. Ata-eneler mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň kompýuter sowatlygynyň ýa-da daşary ýurt dilini öwrenmeginiň iň derwaýys mesele däldigini bilmelidir.