Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

20 Awgust 2024
289

Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabriginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi — öý-ojaklarymyzyň gelşigi» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, mährem eneler, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Köneürgenç etrap häkimliginiň baş hünärmeni, etrap zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Meňli Şamedowa, mährem ene Abat Ödäýewa, etrapdaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýnabat Toýlyýewa, 52-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnabat Halowa, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Bilbil Hajyýewa dagy çykyş edip, döwletimiz tarapyndan zenanlaryň zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, şonuň netijesinde zenanlarymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem maşgala mukaddesligini gorap saklamak, milliligimize ygrarly bolmak, ýaş nesillerimizi watansöýüji, zähmetsöýer edip terbiýelemekde zenanlara uly ornuň degişlidigi barada anyk mysallar arkaly gürrüň etdiler. Maslahatda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ýaş nesillerimiziň terbiýesine jogapkärli çemeleşmek barada wagyz-nesihat ýygnaklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygy barada hem aýdyldy. Zenan sarpasyny belende göterýän, olara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni.