Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

20 Awgust 2024
90

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradyr.

Häzirki döwürde halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Geçen döwürlerde geňeşler, esasan, ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň pikiri-de ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda has täsirli bolup durýar. Şeýlelikde, Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar.

Isa BABAÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň esasy hünärmeni.