Tomus — bereket bulagy

20 Awgust 2024
95

Berkarar döwletimiziň gül gujagynda bagtyýarlyk owazlary belentden ýaňlanýar. Ülkäniň dagy-düzi, mawy deňzi, oba-kendi, hatda gök ekinli pelleridir «ak altynly» atyzlary hem bereket joşgunyndan heýjana gelip, şirin owaz edýär. Ine, bagt mukamynyň iň joşgunly döwri bolan güneşli tomus paslynyň şatlyk-şagalaňly, gyzgalaňly günleri dowam edýär. Göräýmäge, möwsüme mahsus dynç alyşlar gaýnap-joşýandyram welin, içgin garanyňda, her günüň aladaly hereketi-de özüne ýetik. Oba ýeri ýa-da şäher merkezi diýmezden, hemmeler bereketli paslyň nygmatlaryny eşretli günler üçin gor edinýär. Şol bir wagtyň özünde, gyşyň gamyny-da iýýär. Munuňam özüne ýetesi sebäbi bar: halkymyz owaldan ahyra peder pendine uýup ýaşaýan millet. Ata-babalarymyz bolsa bize — nesillerine «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýip gidipdirler. Şeýle bolansoň, her birimiz «gyşyň gamyny ýaz iýmekden» ugur alyp, altyna deňelen wagtymyzy meýilleşdiren maksatlarymyza sazlap peýdalanýarys. Elbetde, tomsuna adatdakylardan köpräk dynç alynýar, şeýle hem bolsa, her işiň öz ýeri bar. Her kim göwün beren kesbiniň miwesi bolan halal rysgyny jemlemek, ideg edýän ýerinde ýetişýän hasyly yrýasyz ýygnamak, telekeçilik işinde ilerlemek, maşgala rysgyna nesip eden maýasyny dynç almaga, toý tutmaga, jaý gurmaga, öý-howlusyna serenjam bermäge, gyş taýýarlyklaryna... gönükdirmek ugrundaky höwesli arzuwlaryny amala aşyrýar. Özem, bu işler ýekebara edilmän, oňa maşgalanyň ulusy-kiçisi uly höwes bilen gatnaşýar. Şeýle bolansoň, türkmen tomsunyň aladalary maşgala mukaddesligini berkitmekde aýratyn uly orun eýeleýär. Olar öý-ojakdaky agzybirligi, mähir-muhabbeti, keýpiçaglygy artdyrýar.

Agzybir, şadyýan hem keýpiçag gurşaw ynsan saglygy üçin iň gerekli ýagdaýlar. Olara arassa howanyň, suwuň, lezzet beriji oýunlardyr iş hereketleriniň täsirini hem goşsak, adama keselçilik ýa-da sussupeslik kär etmese gerek. Tersine, bedeniň kesellere garşy göreşijilik güýji pugtalanýar. Bu möwsümde maşgala bolup deňizde dynç almak, säher salkynynda agzybirlik bilen biýaraly pellerde bişen gawun-garpyzlary, pomidordyr hyýarlary toplamak, alma-nar ýygmak, bir ojagyň başynda gazanda ballar gaýnadyp, gyş pasly üçin dürli-dümen nygmatlary gaplamak, maşgala agzalaryň, ýakynlaryň, deň-duşlaryň bilen toýa gitmek, toýlar sowuşmak ýaly ýakymly aladalardan doýma ýok. Şeýle aladalara garylyp-gatylmak, garaşanyňdan has üýtgeşik sowgat alana meňzeş duýgulary oýarýar. Şeýle hem, «Halal zähmet — baky döwlet» diýlişi ýaly, bu aladalaryň ählisinde halallyk we halkymyzyň döwletlilik diýip arzylaýan bol berekedi bar.

Nurjemal KIÇIÝEWA,
Tejen şäherindäki 40-njy orta mekdebiň mugallymy.