Bilim işgärleriniň maslahaty toý ruhunda işjeňlikde geçdi

20 Awgust 2024
142

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan maslahata welaýatymyzyň öňdebaryjy bili.m işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bilim işgärleri, ilki bilen, medeniýet ojagynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergä aýlanyp gördüler. Täzeçillik, döredijilikli çemeleşmeler bu sergide görkezilen okuw görkezme esbaplarydyr taslamalarda aýdyň duýuldy. Bu bolsa bilim işgärleriniň ukyp-başarnygynyň özboluşly güwäsi bolup dabaralandy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: maslahatdan we onuň çäginde guralan sergiden pursatlar.